Daşkentde Dünýägözel Gulmanowanyň Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi

  • 07.04.2025 11:19
  • 5.3k+

6-njy aprelde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda D.Gulmanowa Walentina Matwiýenkony 2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşykda taraplar şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň tagallalarynyň türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrlandyrmaga itergi berýändigini bellediler.
Taraplar ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda geçirilýän şeýle duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....