Bill Geýts Microsoft-yň iň ilkinji çeşme koduny çap etdi

  • 06.04.2025 22:42
  • 4.4k+

1975-nji ýylyň aprel aýynda esaslandyrylan Microsoft korporasiýasy şu ýyl 50 ýyllygyny belleýär. Bu waka mynasybetli Bill Geýts ilkinji Basic interpretatorynyň çeşme koduny çap etdi. Bu programmany ol 1975-nji ýylda Pol Allen bilen bilelikde Intel 8080 prosessory esasynda işleýän Altair 8800 kompýuteri üçin ýazan eken.

Gates Notes web saýtynda interpretatoryň çeşme koduny öz içine alýan 175 sahypalyk doly PDF faýly goşmaça düşündiriş maglumatlary bilen ýerleşdirildi.
Programmanyň döredilen wagtlary olar öz kompaniýalaryny entek «Micro-Soft» diýip atlandyrýardylar we programmanyň işlejekdigine-de doly ynamlary ýokdy. Altair Basic üçin kody olar PDP-10 meýnfreým kompýuterinde ýazypdylar, sebäbi olaryň Altair kompýuteri ýokdy. Nýu-Meksiko barýan ýolda Pol Allen programmanyň soňky setirlerini ýazyp gutardy we ony MITS (Micro Instrumentation and Telemetry Systems) kompaniýasyna hödürledi.

«Şu kod böleginiň Microsoft-da ýarym asyrlyk innowasiýa ýol açandygy gör, nähili ajaýyp. Office, Windows 95, Xbox ýa-da AI peýda bolmanka, şu çeşme kod bardy. Men ony her gezek görenimde begenýän... hatda şu ýyllaryň dowamynda hem» — diýip, Geýts aýdýar.

Şeýle-de Geýtsiň YouTube kanalynda «Microsoft-yň gelip çykyşynyň taryhy» (The origin story of Microsoft) atly wideo hem çap edildi.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.4k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
884

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...