Dünýägözel Gulmanowa Daşkentde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşýar

  • 06.04.2025 11:58
  • 4.4k+

5-nji aprelde Daşkent şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasy geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň iş sapary bilen Özbegistana bardy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti Tulia Akson bilen duşuşdy.
D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň ýolbaşçy düzümini Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy we şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. 
Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti öz gezeginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bilelikdäki çäreleri geçirmäge uly gyzyklanma bildirdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şeýle hem Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara bileleşigiň 150-nji assambleýasynyň gün tertibinde duran meseleler  boýunça alnyp barylýan işler, milli tejribeler hakynda maglumatlary diňlemegiň hem-de öňe sürlen teklipler  bilen tanyşmagyň parlament wekilleri üçin ähmiýetli boljakdygyny bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Parlamentara Bileleşigiň geljekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 12:20
3

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......