Ispaniýa daşary ýurtlulara “altyn wiza” bermegi bes etdi

  • 05.04.2025 22:00
  • 7.9k+

3-nji aprelde Ispaniýada daşary ýurtlulara maýa goýumlary üçin ýaşamak ygtyýarnamasyny berýän “altyn wiza” maksatnamasyny ýatyrýan kanun güýje girdi. Bu kanun maýadarlar üçin rezident wizalaryny bermegi düýbünden ýatyrýar diýip, ýurduň hökümet saýtynda habar berildi.

Ispaniýada “altyn wiza” maksatnamasy 2013-nji ýylda tassyklanyp, 2014-nji ýylda güýje giripdi. El Pais neşiriniň bellemegine görä, bu maksatnama daşary ýurtlulara gozgalmaýan emläk üçin azyndan 500 müň ýewro, Ispaniýanyň kompaniýalarynda ýa-da maýa goýum gaznalarynda azyndan bir million ýewro maýa goýsa, Ispaniýanyň döwlet obligasiýalarynda azyndan iki million ýewro maýa goýsa, ýaşamak üçin rugsatnama almaga mümkinçilik berýärdi.
Ispaniýanyň Ýaşaýyş jaý gurluşyk we şäheri ösdüriş ministri Isabel Rodriges bu programmany ýatyrmak kararyny käbir sebitlerde, şol sanda emläk bahalarynyň ýokary bolmagy sebäpli kynçylyk çekýän raýatlara kömek etmek islegi bilen düşündirdi.
Hökümetiň beren beýanatynda görülýän çäräniň Irlandiýa we Portugaliýa ýaly beýleki ýurtlaryň kabul eden kararlaryna meňzeýändigi we 2022-nji ýylda ÝB ýurtlaryny “maýadarlar üçin ähli bar bolan raýatlyk ulgamlaryny” ýatyrmaga çagyran Ýewropa Komissiýasynyň kararyna laýyk gelýändigi bellenildi.
Kanun güýje girmezden ozal "altyn wiza" üçin ýüz tutan daşary ýurtlular öňki düzgünlere laýyklykda resminamalary alyp bilerler. Programma boýunça ýaşamak üçin rugsatnama alan daşary ýurtlular resminamalarynda görkezilen möhletiň dowamynda ony saklarlar.
Ispaniýanyň häkimiýetleri “altyn wiza” programmasyny bir ýyl ozal, 2024-nji ýylyň aprelinde ýatyrmak baradaky meýilnamasyny yglan edipdiler. Gozgalmaýan emläk goýumlary “altyn wiza” programmasy boýunça Ispaniýada ýaşamak üçin rugsat almakda iň meşhur wariant hasaplanýardy. 2023-nji ýyla çenli Ispaniýanyň hökümeti 22 430 sany “altyn wiza” berdi diýip, El Pais ýazýar. Ýaşamak üçin ähli rugsatnamalaryň 75% -ni deň derejede  Aziýa ýurtlary, esasanam Hytaýyň we ÝB-ne girmeýän Ýewropa ýurtlarynyň, esasanam Russiýanyň, Ukrainanyň we Beýik Britaniýanyň (Brekzitden soň) raýatlary aldy. “Altyn wizanyň” eýeleriniň hemmesi diýen ýaly (93%) ýedi welaýatda: Barselonada, Madridde, Malagada, Alikantede, Balear adalarynda, Žironada we Walensiýada ýerleşdi.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......