Ysraýylda üç ýaşly gyzjagaz bürünç asyryna degişli tumar tapdy

  • 05.04.2025 21:31
  • 9.5k+

Ziw Nisan atly üç ýaşly gyzjagaz Ysraýylyň Tel-Azeka sebitinde 3800 ýyllyk skarabeý tumaryny tapdy. Çagylly ýoldan ýöräp barýarka, owadan gören daşyny ýerden galdyrypdyr. Ýüzünden çägäni kakyp aýrandan soň, tapyndynyň gadymy döwre degişligi belli bolupdyr diýip, Independent habar berýär.

Gyzjagazyň ene-atasy bu tapyndy barada Ysraýylyň Gadymy ýadygärlikler edarasyna habar berdi. Bilermenler munuň bürünç asyrynyň ortasynda ýasalan Hanaan tumarydygyny kesgitledi.
Hanaanlar Lewantyň iň gadymy halky hasaplanyp, Gadymy Müsür bilen aragatnaşyk saklapdyr. Skarabeý tumarlary möhür hökmünde ulanylyp, köplenç, nyşanly ýa-da ýazgyly bolupdyr. Olar, adatça, aramgählerde we harabalyklarda tapylýardy.
Gadymy Müsürde skarabeýler asmanda Gün diskini togalaýan Gün hudaýynyň nyşany hasaplanypdyr.
Tel-Azekada 15 ýyllap gazuw-agtaryş işleri alnyp baryldy. Arheologlar gadymy şäher diwarlaryny, Iudeý şalygynyň döwrüne degişli oba hojalyk desgalaryny we beýleki artefaktlary tapdy. Çaklamalara görä, bürünç asyrynda bu ýerde möhüm şäher ilatly nokady bolupdyr. 


19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......