Forbes: ilkinji gezek birbada 3 milliarderiň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi

  • 04.04.2025 11:28
  • 7.5k+

Forbes neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawyň taryhynda ilkinji gezek birbada üç adamyň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi.

Birinji orny Tesla, SpaceX we ýakynda döredilen XAI Holdings kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask eýeledi. Onuň baýlygy 342 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Şeýle-de, Mask Donald Trampyň administrasiýasynda Hökümet netijeliliginiň departamentine (DOGE) gözegçilik edýär.
Iň baý adamlaryň reýtinginde ikinji orny Meta korporasiýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg ($216 mlrd), üçünji orny Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos ($215 mlrd) eýeledi.
Dördünji orunda Oracle korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Larri Ellison ýerleşdi, onuň baýlygy 192 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar.
2024-nji ýylda reýtingde birinji orny LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň eýesi Bernar Arno eýeläpdi, ýöne 2025-nji ýylda ol bäşinji orna düşdi. Arnonyň we onuň maşgalasynyň kapitaly 178 mlrd dollara çenli azaldy.
2025-nji ýylyň Forbes sanawynda 3028 milliarder bolup, olaryň umumy baýlygy rekord 16,1 trln dollara ýetdi – bu bir ýyl ozalkydan tas 2 trln dollar köpdür.
Zenanlar milliarderleriň umumy sanynyň diňe 13%-ini düzýär. Olaryň arasynda iň baý zenan Walmart-yň mirasdüşeri Elis Uolton ($101 mlrd, 15-nji orun) boldy. Iň baý on zenanyň dokuzysy öz baýlygyny miras hökmünde aldy.
Şu ýyl sanawa 288 sany täze at goşuldy. Olaryň umumy kapitaly 680 mlrd dollara barabar – bu adam başyna ortaça 2,4 mlrd dollardyr. Olaryň diňe 196 sanysy öz baýlygyny özbaşdak gazandy, galanlaryna miras galdy diýip, Forbes belleýär. 


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......