Türkmenistan Gruziýa bilen KHBS ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 03.04.2025 21:26
  • 2.5k+

1-nji aprelde Gruziýanyň Jemgyýetçilik habar beriş serişdesiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen edaranyň maglumatlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoniýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň medeni-ynsanperwer ugruna degip geçdiler. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna we 2025-nji ýyl – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçiriljek uly gerimli halkara çäreler hakynda E.Şoniýa gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly döwletde geçirilýän halkara çärelerini halk köpçüligine ýetirmek, dokumental filmleriň we wideorolikleriň görkezilişini guramak ýaly işlerde iki ýurduň hem KHBS-leriniň işjeň gatanşmagynyň wajypdygy bellenildi.
Taraplar iki ýurduň KHBS-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmekligiň berkemegine, medeni ugurlarda tejribe alyşmaklyga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......