TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty gutardyş synp okuwçylaryny «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

  • 03.04.2025 10:36
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2025 — 2026-njy okuw ýylynda instituta okuwa girmäge isleg bildirýän ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 14-nji we 30-njy aprelde sagat 09:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron-terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Ýaş diplomatlar merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.
Welaýatlardan okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin:

  • Ahal welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji, 14-nji we 30-njy aprelde sagat 09:00-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
  • Balkan welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji we 14-nji aprelde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;
  • Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji we 14-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda;
  • Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji we 14-nji aprelde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
  • Mary welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji we 14-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin tel: 26-61-13.
Maglumat almak üçin institutyň web sahypasy: www.iirm­fa.edu.tm


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......