Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen döwletara gatnaşyklary maslahatlaşdy

  • 03.04.2025 03:01
  • 6.2k+

2-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ýangyç-energetika, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy pudaklaryny söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda belläp, şu babatda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Gahryman Arkadagymyz medeni-ynsanperwer ulgamy türkmen-saud gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belläp, Türkmenistanyň bu ugurda iki doganlyk halky ýakynlaşdyrmaga hyzmat etjek anyk işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....