Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

  • 03.04.2025 02:51
  • 2.8k+

2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Döwlet derejesinde sporty ösdürmek üçin möhüm çözgütler kabul edilip, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda tagallalar edilýär.
Myhmanlar Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygyny bellediler. 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge, Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga ýardam berýändigini belläp, bu guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň sport babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......