Arheologlar Ysraýylda 2200 ýaşly, hazynadan doly piramida tapdylar

  • 02.04.2025 10:40
  • 10k+

Iudeý çölündäki Nahal-Zoar jülgesinden 2200 ýaşly, artefaktlardan doly piramida binasy tapyldy diýip, Ysraýylyň Gadymy gymmatlyklar müdirligine salgylanýan Daily Mail ýazýar.

Binanyň beýikligi 6 metrden gowrak. Takyk ýerleşdirilen bloklardan gurlan Müsür piramidalaryndan tapawutlylykda, bu ýüzlerçe funt (1 funt = 0,45 kg) agramy bolan, elde ýasalan daşlardan gurlupdyr.
Bina gadymy Ptolemeýleriň gadymy müsür nesilşalygynyň we Selewkidleriň grek nesilşalygynyň döwründe gurlupdyr. Munuň şeýledigini bu ýerden tapylan Ptolemeýleriň we Selewkidler döwletiniň hökümdary Antioha IV-iň teňňeleri görkezýär. Şeýle hem grek ýazgyly papiruslar, monjuklar, bürünç teňňeler we ýarag esbaplary tapyldy.
Piramidanyň maksady näbelli bolup galýar, ýöne alymlaryň birnäçe çaklamasy bar. Barlagçylar munuň söwda ýolundaky mazar, ýadygärlik ýa-da gözegçilik diňi bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.







22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......