Galp EA treýlerleri YouTube kanallaryna we Golliwud studiýalaryna millionlarça girdeji getirýär

  • 01.04.2025 20:23
  • 4.6k+

Golliwudyň iri kinostudiýalary, şol sanda Warner Bros, Sony we Paramount, emeli aňyň kömegi bilen döredilen galp treýlerleriň mahabatyndan girdeji gazanýar. Olar YouTube-da şeýle wideolardan alnan girdejileriň özlerine gönükdirilmegini talap edýär diýip, Deadline habar berýär.

Žurnalistler derňew geçirip, Warner Bros. Discovery studiýasynyň Screen Culture YouTube kanalynyň “Supermen” we “Aždarhanyň öýi” bilen bagly treýlerleriniň mahabatyndan girdeji talap edendigini anyklady. Sony Pictures hem “Möý adam” we “Kreýwen awçy” filmleriniň ýalan treýleriniň, Paramount bolsa “Gladiator 2-niň” galp wideosynyň mahabatyndan girdeji almak isledi. Kinostudiýalar bu barada teswir bermekden ýüz öwürdi. 
Screen Culture ýaly iri YouTube kanallary emeli aňyň kömegi bilen galp treýlerleri döredýär. Aýry-aýry wideolar millionlarça tomaşa ýygnap, olaryň awtorlaryna ep-esli girdeji getirýär. Deadline-yň maglumatlaryna görä, uly kanallar bu işiň üsti bilen millionlarça dollar gazanýar.
Screen Culture-y dörediji, Hindistandan 27 ýaşly Nihil P.Çaudhari 2018-nji ýylda karýerasyna başlady. Ilkibaşda ol adaty montaždan peýdalandy, ýöne soň Leonardo, Midjourney we ElevenLabs ýaly emeli aň gurallaryna geçdi.
Çaudhari esasy maksadyň ýasama treýlerleri resmi treýlerlere mümkin boldugyndan ýokary derejede meňzetmekden ybaratdygyny belleýär. 
Häzir onuň toparynda 12 montaž hünärmeni bar we olar hepdede 12 wideo çykarýar. 2025-nji ýylyň fewral aýynda Screen Culture-yň iki galp treýleri YouTube-da Marvel-iň resmi wideosyndan ýokary orunlary eýeledi. Kanal 1,4 mlrd tomaşa ýygnady we oňa 1,4 mln ulanyjy ýazyldy.
ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasy SAG-AFTRA şeýle kinostudiýalary aktýorlar we režissýorlar gatnaşmazdan döredilen mazmundan girdeji gazanmakda tankytlady. Gurama munuň hakyky döredijiligiň gymmatyny pese gaçyrýandygyny belleýär.


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....