Bill Geýts geljekde emeli aňyň oňarmajak üç kärini aýtdy

  • 01.04.2025 19:02
  • 10k+

Bill Geýts wagtyň geçmegi bilen emeli aň önümçilikden başlap, täze tehnologiýalary döretmäge çenli köp sanly kärlerden adamlary gysyp çykarar diýip hasaplaýar. Ýöne üç pudak barybir adama bagly bolup galar diýip, Microsoft-yň esaslandyryjysy Geýts Jimmi Fellonyň alyp bamagynda The Tonight Show ýaýlymynda aýtdy.

Birinjisi – kodlamak. Geýts emeli aňyň eýýäm kod ýazyp bilýändigini, ýöne adamlaryň barybir onuň işini barlap, prosesiň çuň gatlaklaryndan özbaşdak baş çykarmaly boljakdygyny belledi.
Geýts adam gatnaşmazdan oňmajak ikinji pudak hökmünde biologiýany belledi. Emeli aň anyklaýyşda we DNT-ni (DNK) seljermekde kömek edip biler, ýöne ylmy gözlegler we gözegçilik biologlaryň boýnuna galar.
Milliarder adama bagly bolan üçünji kär energetika diýip hasaplaýar. Geýtsiň pikiriçe, bu ugur doly awtomatizirleme üçin has çylşyrymly we töwekgelçiliklidir.
Microsoft-yň esaslandyryjysy beýleki kärleriň hepdede iki-üç iş gününe çenli azaljakdygyny ýa-da düýbünden ýok boljakdygyny aýdýar. Adamzat hem munuň bilen ýaşamagy öwrener. Ol uýgunlaşmaly bolar.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......