"Türkmenistan" awiakompaniýasy Moskwa uçuşlarynyň togtadylmagyny apreliň ahyryna çenli uzaltdy

  • 01.04.2025 15:54
  • 21k+

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa yzygiderli gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň möhletini 2025-nji ýylyň 3o-njy apreline çenli uzaltdy. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky Baş edarasy habar berdi.

"Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlar 2025-nji ýylyň 30-njy apreline çenli ýatyryldy. Satyn alnan awiabiletleri yzyna gaýtarmak üçin onuň satyn alan ýeriňize ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky göni gatnawy Russiýanyň S7 awiakompaniýasy dowam etdirýär.


08.06.2026 09:43
4k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......