Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri birek-biregi sapar bilen gelmäge çagyrdylar

  • 01.04.2025 10:19
  • 4.8k+

31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Telefon arkaly söhbetdeşlik Eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşler birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Öz gezeginde, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Eýrana barmaga çagyrdy.


şu gün 07:51
662

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......