Ilon Maskyň bir kompaniýasy beýlekisini satyn aldy: X we xAI holdinge öwrüldi

  • 31.03.2025 07:54
  • 4.6k+

Ilon Mask özüniň X we xAI kompaniýalarynyň bir holdinge birleşendigini habar berdi. Täze gurluş XAI Holdings diýlip atlandyryldy diýip, CNBC habar berýär.

Ylalaşygyň çäginde adybir sosial ulgama eýe bolan X (öňki Twitter), 12 milliard dollar bergisini hasaba almazdan, 33 milliard dollar diýip bahalandyryldy. Emeli aň ulgamynda işleýän xAI startapynyň kapitallaşdyrylmasy, takmynan, 80 milliard dollar boldy.
Geleşigi resmileşdirmek üçin Maska goşmaça pul serişdesi gerek bolmady, maýadarlar diňe paýnamalaryny alşyp-berişdiler. Iki kompaniýanyň hem umumy paýdarlary bar, olaryň hususy derejesi bolsa olara uzak wagtlap ylalaşmakdan gaça durmaga mümkinçilik berdi.
Maskyň sözlerine görä, birleşmek kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrar. xAI eýýäm X sosial ulgamynyň maglumatlaryny ulanýar we X-iň abonentleri bolsa xAI-iň Grok çat-botuna girip bilýärler.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......