Ýerewanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ermeni toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

  • 29.03.2025 12:08
  • 3.7k+

26-njy martda Ýerewanda Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Amanow, ermeni tarapyna bolsa Ermenistanyň Territorial dolandyryş we infrastruktura ministri Dawid Hudatýan ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar ozalky ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy mowzuklar söwda, energetika, bilim, medeniýet, syýahatçylyk, oba hojalygy, transport, gurluşyk we dokma senagaty bilen bagly boldy. Mundan başga-da, maliýe, bilim, medeniýet we maglumat ulgamlarynda hukuk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň netijesi boýunça esasy ylalaşyklary we mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ädimleri kesgitleýän beýannama gol çekildi.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......