Aprel aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi mälim edildi

  • 29.03.2025 08:13
  • 5.6k+

28-nji martda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Meşhur sazanda Pürli Saryýewiň ömri-döredijiligine, Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygyna, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çärelerini guramak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň, çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......