Dünýäniň iň kiçi geçisi Hindistanda ýaşaýar. Onuň boýy zordan 40 sm-den geçýär

  • 29.03.2025 00:12
  • 12k+

Hindistanyň Kerala ştatyndan fermer Piter Lenu maýda geçileri (pygmy goats) ösdürip ýetişdirýär. Onuň hojalygyndaky mallar esasan kiçijik boýlary bilen ünsleri özüne çekýär. Esasan-da Karumbi atly gara geçi aýratyn tapawutlanýar. Onuň boýy bary-ýogy 42,7 sm, bedeniniň uzynlygy bolsa 33,5 sm.

Günleriň birinde Piteriň tanşy oňa Karumbiniň dünýäniň iň kiçi geçisi bolup biljekdigini aýdýar. Fermer bu çaklamany barlamak maksady bilen, Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenlerini çagyrypdyr. Olar geçini ölçäp, onuň hakykatdanam rekord derejede kiçidigini tassykladylar.
Karumbi häzir dört ýaşynda we ol örän mylakatly. Ol fermada sygyrlar, towşanlar, towuklar, ördekler we beýleki geçiler bilen oýnaýar. Piteriň üç erkeji, dokuz geçisi we on owlagy bar. Gysga wagtda Karumbi hem köpelşip, mallaryň sanynyň artmagyna öz goşandyny goşar.
Kiçijik boýuna garamazdan, ol fermadaky beýleki mallar ýaly işjeň we dostlukly.


düýn 00:07
4.6k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......