Marsdan ýaşy 3,7 milliard ýyl bolan iň uzyn organiki zynjyrlary tapyldy

  • 28.03.2025 15:41
  • 12k+

Marsda owal-ahyr gyzyl planetadan tapylan iň uzyn organiki zynjyrlar tapyldy. Olaryň ýaşy 3,7 milliard ýyl.

Bu barlag Fransiýanyň Milli ylmy-barlaglar merkeziniň (CNRS) hünärmenleri tarapyndan ABŞ-ly, meksikaly we ispaniýaly kärdeşleri bilen bilelikde geçirildi. Netijeler PNAS žurnalynda çap edildi. Bu açyş barada EurekAlert we Phys.org gysgaça habar berýär.
Bu açyş NASA-nyň Curiosity rowerindäki SAM guraly arkaly mümkin boldy. Enjam Marsda 2012-nji ýyldan bäri işleýär we Geýla kraterini öwrenýär.
Tapylan uglerod zynjyrlary Ýerde duş gelýän gurluşlara meňzeýär. Alymlar birleşmeleriň milliardlarça ýyl ozal planetada bolup geçen geologiki ýa-da himiki prosesleriň netijesinde emele gelip biljekdigini bellediler.
Barlagçylaryň sözlerine görä, bu maglumatlar Marsda himiki ewolýusiýanyň nähili bolup geçendigine has gowy düşünmäge kömek edýär we geçmişde planetada nähili organiki maddalaryň bolup biljekdigi barada täze düşünjeleri berýär.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......