Aşgabatda germaniýaly belli aýdymçynyň konserti geçiriler

  • 28.03.2025 12:18
  • 11k+

Penşenbe, 4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde "Paris la nuit – Berlin im Licht" atly konsert geçiriler.

Konsertde belli nemes aýdymçysy Katarina Merling we pianinoçy Ferdinand fon Zebah Kurt Wailiň hem-de Edit Piafyň eserlerini ýerine ýetirer. Şeýle hem konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, dirižýor Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygynda çykyş eder.
Çäräni Germaniýanyň ilçihanasy we Fransiýanyň instituty guraýar. Başlanýan wagty – 19:00.
Katarina Merling nemes aýdymçysy we aktrisasy bolup, ol Berliniň iň meşhur ýerine ýetirijisi hökmünde alty gezek «Altyn perde» baýragyna mynasyp boldy. Ol «Arizona hanymy» (
«Аризонская леди»), «Sawoýedäki bal» («Бал в Савойе»), «Meniň ajaýyp hanymym» («Моя прекрасная леди») ýaly sahna eserlerinde, şeýle-de «Piaf», «Kabarе», «Üç teňňelik opera» we «Ewita» atly meşhur mýuzikllerde baş keşpleri ýerine ýetirdi.
Teatr sahnalaryndan başga-da, ol Golliwudyň birnäçe filmlerine, şol sanda «Walkiriýa operasiýasy» («Операция Валькирия») filmine surata düşdi. Katarina Merling jaz we fransuz şansony bilen hem tanalýar. Onuň Bonsoir Katharine, Piaf au Bar we In love with Judy ýaly birnäçe albomy çap edildi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......