Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça ýolbaşçylar bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 28.03.2025 11:08
  • 8.6k+

27-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryga laýyklykda, “Ahalteke atlary” şaýolunyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda, binalary enjamlaşdyrmakda täzeçil usullardan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Şeýle hem “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek heýkelleriň aradaşlygy häzirki zaman görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýyna, hil derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Milli Liderimiz şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şu ýylyň 29-njy martynda täze şäherde geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berildi.
Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň körpeleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çagalarynyň hem gatnaşýandyklary barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......