Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi

  • 28.03.2025 06:48
  • 3.8k+

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.
Söhbetdeşler Özbegistanyň Samarkant şäherinde ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň geçiriljekdigini belläp, onuň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygy nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow sebitiň döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutan Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....