Türkiye Apple babatynda monopolýa garşy derňewe başlady

  • 28.03.2025 06:30
  • 2.6k+

Ýurduň monopoliýa garşy iň ýokary guramasy bolan Türkiýäniň bäsdeşlik geňeşi Apple babatynda derňew geçirip başlady. Bu barada Reuters habarlar gullugy habar berýär.

Amerikan tehnologiýa ägirdi, şeýle hem Destek Bilişim, EasyCep Bilişim, Getmobil Technology we HB Bilişim kompaniýalary resellerleriň (alyp satarlaryň) bahalarynyň kesgitlenmegine päsgel berendigi üçin derňelýär.
Bloomberg ozal Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň kadalaşdyryjy çemeleşmesinden ugur alyp, iri tehnologiýa kompaniýalarynyň agalyk etmeginiň öňüni almak üçin täze düzgünleri girizmegi meýilleşdirýändigini habar beripdi. Tizara Parlamente hödürlenjek kanun taslamasy Apple Inc., Google (Alphabet Inc.-e degişli), Meta Platforms Inc. we Amazon.com Inc. ýaly tehnologiýa kompaniýalarynyň gözleg ulgamlarynda, programma dükanlarynda ýa-da söwda meýdançalarynda öz hyzmatlaryna artykmaçlyk bermeginiň öňüni alar diýip, Türkiýäniň ýokary wezipeli adamlaryna salgylanýan agentlik ýazýar.
Bu kanun taslamasy dolandyryjy partiýa tarapyndan goldanýar we Türkiýäniň monopoliýa garşy edarasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy.


05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

14.05.2026 18:54
5.9k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......