Baliniň häkimiýetleri syýahatçylary töleg tölemäge we däp-dessurlary hormatlamaga borçlandyrdy

  • 27.03.2025 15:20
  • 7k+

Baliniň hökümeti daşary ýurtly syýahatçylar üçin täze düzgünleri girizdi. Bu barada Antara agentligi habar berýär.

Daşary ýurtlulardan, aýratynam, sežde edilýän ýerlerde ýönekeý geýinmek we özüňi sylagly alyp barmak talap edilýär. Awtomobil sürülende halkara şahadatnamasy, motosikl dolandyrylanda bolsa şlem talap ediler.
Şeýle-de, syýahatçylar 150 müň Indoneziýa rupiýasy (takmynan, $9) möçberinde töleg tölemeli bolar. Olaryň ýanynda bolsa ýerli däp-dessurlar bilen tanyş bolan ygtyýarly ýolbelet bolmaly.
Syýahatçylyk salgydy 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda hereket edip başlady. Ol bir gezek tölenýär we Indoneziýadan çykýançaň güýjünde galýar. Syýahatçylar Baliden gidip, yzyna gaýdyp gelip, gaýtadan tölemän biler.
Walýuta çalşygy diňe ýörite nokatlarda rugsat edilýär, töleg bolsa milli walýutada QR kody arkaly amala aşyrylýar. Paýyş sözlülik, resmi däl iş we telekeçilik gadagan edilýär. Düzgün bozanlara jeza ýa-da kazyýet garaşýar. Şeýle-de, hapa taşlamak, şol sanda bir gezeklik plastikleri taşlamak hem gadagandyr. 


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......