BMW M5-iň uniwersaly sedanlar ýaly uly islege eýe boldy

  • 26.03.2025 11:33
  • 3.9k+

Täze BMW M5 uniwersaly garaşylandan has meşhur boldy. Bu ýagdaý germaniýaly brendi öz teklip gurluşyna täzeden garamaga mejbur etdi. Bu barada BMW-niň M bölüminiň müşderiler bilen işleşmek, brend we satuwlar boýunça wise-prezidenti Silwiýa Noýbauer «BMW Blog» bilen geçirilen söhbetdeşliginde gürrüň berdi.

«Biz başda önümçiligiň üçden iki bölegini sedan, galan üçden birini bolsa uniwersal görnüşinde meýilleşdiripdik. Emma Touring-iň satuwy has ýokary boldy, şol sebäpdenem önümçilik indi deň paýlanýar» — diýip, ol aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, ABŞ üçin öndürilen BMW M5 ulaglarynyň, takmynan, ýarysyny uniwersal görnüşli modeller düzýär. Noýbauer hatda mahabat we marketing işleriniň takyk ýerine ýetirilmändigini, şonda-da müşderileriň bu modele has has ýokary isleg bildirendiklerini boýun aldy.
Şol bir wagtda 2024-nji ýylda iň köp satylan BMW M modeli M2 boldy. Ondan soň M3 we M4 modelleri gelýär. Noýbauer M2-niň önümçiliginiň tamamlanmazyndan öň, täze reňkleriň goşuljakdygyny hem mälim etdi.
BMW M-iň geljegi baradaky soraga, Noýbauer: «Geljek üçin anyk bir zatlar welin, maňa bu barada entek aç-açan gürlemek bolar öýdemok» — diýip, jogap berdi. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, gürrüň täze elektrikli kupäniň prototipi hakda gidýär. BMW M8 modeliniň gönüden-göni ornuny tutjak täze model meýilleşdirilmeýär.
BMW M ulaglarynyň ýarysyndan gowragy mehaniki karobka bilen satylýar. Emma Noýbaueriň bellemegine görä, käbir segmentler beýle transmissiýa laýyk gelmeýär.


düýn 23:24
685

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......

09.05.2026 08:49
8.8k+

BMW 16 müň dollara üýtgeşik boýag döretdi: ýöne oňa boýalan awtoulagy ýuwalgada ýuwdurmak bolmaýar

BMW täzelenen 7 Series üçin täze Dual-Finish boýag örtügini hödürledi. Bu örtük awtoulaga ýokary hilli görnüş berýär, ýöne aýratyn idegi talap edýär we adaty ulag ýuwalgalarynda ýuwdurmak üçin amatly däl....

05.05.2026 09:00
4k+

BMW 7 Series 2027-niň fiziki düwmeleri aýrylyp, sensorly Panoramik iDrive ulgamy ulanylar

BMW kompaniýasy 7 Series 2027-niň täze neslinde iDrive kontrollýoryndan ýüz öwrüp, doly sensor ekranly interfeýslere geçýändigini resmi taýdan yglan etdi. Awtoulaglaryň sanlylaşdyrylmagynyň nyşanyna öwrülen bu......