Magtymguly adyndaky TDU-da ekologiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçiriler

  • 25.03.2025 14:28
  • 2.9k+

2025-nji ýylyň 7-8-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Durnukly ösüşi üpjün etmeginiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Maslahata Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, şeýle hem ekologiýa kafedrasynda durmuşa geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ Maksatnamasynyň «Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» atly taslamasynyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri gatnaşar.
Maslahatyň barşynda howanyň üýtgemegi we adamyň täsiri sebäpli ýüze çykýan häzirki zaman ekologiýa meseleleri çuňňur seljeriler. Ekologiýa biliminde bar bolan çemeleşmeler maslahatlaşylar. Täze okuw meýilnamalaryny we dersleri, interaktiw gurallary we okuw üçin platformalary döretmek meselelerine garalar.
Maslahat öz işini umumy mejlisde we 3 bölümde alyp barar:

  • I bölüm: Ekologiýa bilimini ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny.     
  • II bölüm: Suw we ýer baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy dolandyrmagyň usullary.
  • III bölüm: Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň we goramagyň esasy meseleleri. 

Maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Ulgama baglanmak üçin salgy goşmaça iberiler.
Goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynyň “Ekologiýa-2025” bölüminde ýerleşdirilýär.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini), annotasiýalary we hasaba alyş kagyzyny  2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli tsuecoconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.
Çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň (tezisleriň) möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti - Times New Roman, ölçegi - 14 pt, setir arasy - 1.

Habarlaşmak üçin:
Telefon: (+99312) 39-86-63; (+99365) 50-31-65.
Elektron salgysy: tsuecoconference@gmail.com


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......