Aşgabatda gysga möhletli okuwlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň jemi jemlendi

  • 25.03.2025 13:35
  • 7.6k+

19–20-nji martda ýurdumyzda Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda gysga möhletli kurslara gatnaýan ýaşlaryň arasynda guraldy.

Bu çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek derejesini kesgitlemek, zehinli ýaşlary höweslendirmek, döredijilik ukyplaryny açmak, özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmek we dil öwrenişiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen gurady.
Iňlis we rus dilleri boýunça geçirilen bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy. Oňa dört ýaş topary gatnaşdy: 12–13, 14–15, 16–18 ýaş we 16 ýaşdan ulular.
Jemleýji tapgyrda ýurdumyzyň dürli bilim merkezlerinden jemi 203 okuwçy çykyş etdi. Olaryň 35-si Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan, 31-si Balkan welaýatyndan, 47-si Daşoguz welaýatyndan, 42-si Lebap welaýatyndan we 48-si Mary welaýatyndan boldy.
Her ýaş toparynda ýeňijiler saýlandy: iňlis dili boýunça 28 we rus dili boýunça 28 okuwçy. Olar «Zehin ýoly», «Belent Bilim», «Bilim nokady», «Zehinli nesil», «Dana», «Altyn göreç», «Merdem ýaşlar» we beýleki okuw merkezleriniň wekilleridir.
Ýeňijilere diplomlar we sowgatlar gowşuryldy. Gurnamaçylar we eminler minnetdarlyk hatlary bilen sylaglanyldy.
Bäsleşik eýýäm yzygiderli üçünji ýyl geçirilýär.


düýn 23:39
684

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......