Perplexity TikTok-y satyn alyp, onuň algoritmini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýär

  • 24.03.2025 06:30
  • 4k+

Perplexity kompaniýasy TikTok-y satyn alyp, onuň algoritmini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

Perplexity-niň meýilnamasyna görä, platforma satyn alnan ýagdaýynda, TikTok-yň algoritmi doly üýtgediler we munuň ähli tapgyrlary ABŞ-nyň gözegçiliginde bolar. Kompaniýa platformanyň maslahat ulgamyny aç-açan etmegi we çeşme koduny hemmä elýeterli etmegi göz öňünde tutýar. Şeýle-de platformanyň emeli aň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu döwrebaplaşdyryş işlerinde Nvidia Dynamo tehnologiýasy ulanylar we ähli maglumatlar ABŞ-daky maglumat merkezlerinde saklanar.
Şeýle hem kompaniýa ulanyjylara has şahsylaşdyrylan mazmunlary hödürlemek isleýär. Eger-de ulanyjylar Perplexity we TikTok hasaplaryny biri-birine baglasa, olar üçin has laýyk we degişli mazmun hödürlener. Kompaniýanyň pikirine görä, bu usul TikTok-daky mazmuny ulanyjylaryň islegine görä has dogry görkezmäge kömek edip biler. Şeýle-de wideo mazmunlaryny awtomatiki terjime edýän aýratynlygy girizmek meýilleşdirilýär.
Emma TikTok-yň enelik kompaniýasy ByteDance platformanyň ABŞ-daky bölegini satmaga isleg bildirmeýär. Bu ýagdaý platformanyň geljegi babatda ulanyjylaryň arasynda näbellilik döredýär. Ýatlatsak, ýanwar aýynda ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti hökümete TikTok-y gadagan etmäge hukuk beripdi. Şondan soň TikTok ABŞ-da, takmynan, 14 sagatlap elýeterli bolmady. Emma soň ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp gadagançylygy 75 gün yza süýşürmek boýunça buýruga gol çekipdi. Bu möhlet bolsa, 5-nji aprelde tamamlanýar.
Häzirki wagtda TikTok-yň Perplexity-niň bu teklibine çynlakaý çemeleşip-çemeleşmeýändigi näbelli. Sebäbi TikTok-yň ABŞ-daky böleginiň bahasy 30-50 milliard dollar aralygynda çaklanylýar. Perplexity bolsa häzir 18 milliard dollarlyk täze maliýeleşdiriş tapgyry boýunça gepleşikleri geçirýär.
Käbir bilermenleriň pikirine görä, Perplexity-niň TikTok-y satyn almak baradaky teklibi kompaniýanyň üns çekmek üçin edýän marketing strategiýasy bolup biler.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......