Ýewrokomissiýa Google bilen Apple-y bäsdeşlik düzgünlerini bozmakda aýyplaýar

  • 23.03.2025 18:43
  • 2.6k+

Ýewropa Komissiýasy Google we Apple kompaniýalaryny bäsdeşlige garşy kanunçylygy bozmakda aýyplaýar diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär.

Google "Sanly bazarlar hakyndaky" kanunyň (DMA) düzgünlerini bozmakda aýyplanýar. Kompaniýa gözleg ulgamynda öz hyzmatlaryny beýleki alternatiwalardan ileri tutmak we programmistleriň Google Play-den başga hyzmatlara geçmegini çäklendirmek bilen günäkärlenýär.
Apple hem şuňa meňzeş mesele bilen ýüzbe-ýüz. Ýewropa Komissiýasy kompaniýadan iPhone-yň operasion ulgamyndaky çäklendirmeleri gowşatmagy talap etdi. Emma Google-den tapawutlylykda, Apple häzirlikçe pul jerimesi bilen ýüzbe-ýüz bolmady. Kompaniýa geljekde bäsdeşlerine has açyk mümkinçilik döretmeli bolar.
Ýewropa Bileleşiginiň bäsdeşlik düzgünlerine gözegçilik edýän edarasynyň ýolbaşçysy Tereza Ribera bu meseleler bilen baglanyşykly çykyş etdi. Ol ÝB-niň esasy maksadynyň – kompaniýalaryň kanunçylyga laýyk hereket etmeklerini gazanmakdygyny aýtdy.
Google Ýewropa Komissiýasynyň çykaran kararynyň Ýewropadaky ulanyjylaryň tejribesini ýaramazlaşdyryp biljekdigini duýdurdy. Apple hem munuň bilen razylaşmaýandygyny mälim etdi. Kompaniýa ÝB-niň täze düzgünleriniň «ulanyjylaryň işini kynlaşdyrjakdygyny» öňe sürdi. Şeýle-de Apple kompaniýasy hem geljekde pul jerimesi bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.


17.06.2026 11:27
2.2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......