Ýeriň atmosferasynda kömürturşy gazynyň toplanmasy 800 müň ýylda iň ýokary derejesine ýetdi

  • 22.03.2025 18:32
  • 6.1k+

Soňky 10 ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllar boldy, Ýeriň atmosferasynda kömürturşy gazynyň konsentrasiýasy bolsa soňky 800 müň ýylda rekord derejä ýetdi. Bu barada BMG-niň saýtynda ýerleşdirilen Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

2023-nji ýylda atmosferada kömürturşy gazynyň konsentrasiýasy million üçin 420 bölege (ppm) ýetdi. Bu 1750-nji ýyldaky industrialdan öňki derejeden 51% ýokarydyr.
Hasabatda klimatyň üýtgemeginiň, ilkinji nobatda, adamyň işjeňligi, şol sanda kömrüň, nebitiň we gazyň gaýtadan işlenmegi bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
Şeýle-de, beýleki bug gazlarynyň – metanyň industrialdan öňki derejeden 265% we azot zakisiniň 125% ýokarlanmagy hasaba alyndy. Gözegçilik maglumatlary bu gazlaryň konsentrasiýasynyň ýokarlanmagynyň 2024-nji ýylda hem dowam edendigini görkezýär.
Mundan başga-da, soňky üç ýylda gözegçiligiň tutuş taryhynda buzluk massasynyň iň uly üçýyllyk ýitgisi bolup geçdi.
Bug gazlarynyň artmagy aşa howa hadysalarynyň – tropiki siklonlaryň, suw joşgunlarynyň we gurakçylygyň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Bu soňky 16 ýylda iň uly ilat göçmesine getirdi, azyk çökgünligini we beýleki ykdysady meseleleri güýçlendirdi.


25.06.2026 19:11
5.4k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.2k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

18.06.2026 09:51
3k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......