Ýewropa Bileleşigi Apple kompaniýasyna iPhone-lary portsuz çykarmaga rugsat berdi

  • 22.03.2025 11:18
  • 6.4k+

Ýewropa Bileleşigi Apple kompaniýasyna zarýad porty bolmadyk smartfonlary bazara çykarmaga rugsat berdi diýip, «9to5Mac» portaly habar berýär.

Ýatlatsak, Apple kompaniýasy ÝB-niň täze düzgünlerine laýyklykda, ähli enjamlaryny USB-C porty bilen enjamlaşdyrmaly bolupdy.
Emma soňky günlerde kompaniýanyň düýbünden fiziki zarýad porty bolmadyk iPhone-lary çykarjakdygy barada gürrüňler peýda boldy. Şol sebäpdenem «9to5Mac» portalynyň habarçysy Ben Lawjoý bu barada maglumat almak üçin, Ýewropa Komissiýasyna ýüz tutdy.

«Eger enjamda hiç hili port göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda USB-C portuny oturtmagyň zerurlygy ýok» — diýip Ýewropa Komissiýasynyň metbugat sekretary Federika Mikkoli düşündirdi.

Lawjoýuň pikirine görä, Apple ýakyn wagtda şeýle smartfonlary hödürläp biler. Ol kompaniýanyň eýýäm 2020-nji ýylda MagSafe bilen işleýän iPhone-lary çykarandygyny, şeýle hem ÝB-niň düzgünlerine laýyklykda, Qi2 simsiz zarýad beriş tehnologiýasyny hem goşandygyny ýatlatdy.


14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......