WSJ: Apple 2024-nji ýyla çenli USB Type-C-e geçer

  • 29.10.2022 07:59
  • 10k+

iPhone smartfonlaryny hususy Lightning standartyndaky zarýad portlary bilen enjamlaşdyrýan Apple kompaniýasy ony Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna bildirilýän täze talaplara laýyklykda 2024-nji ýyla çenli USB Type-C razýomyna çalyşmagy meýilleşdirýär. Bu barada çarşenbe güni The Wall Street Journal gazeti habar berdi.

Onuň berýän maglumatyna görä, Apple Ýewropa parlamentiniň ÝB-de elektron gurluşlar üçin birmeňzeş zarýad portlaryny girizmek babatyndaky talaplaryna eýermäge taýýardygyny mälim etdi.

"Gürrüňsiz ylalaşmaly bolaýmasak" - diýip, gazet Apple-iň halkara marketing boýunça uly wise-prezidenti Greg Joswiakyň sözlerini getirýär. Şonuň bilen birlikde, kompaniýanyň wekilleri çäklendirmeleriň girizilmegi tehnologiýa sferasynda innowasiýalary ornaşdyrmaga päsgel berjekdigine  ynanýarlar diýip görkezilýär. 

4-nji oktýabrda Ýewropa Parlamenti ÝB-niň çäginde satylýan zarýad gurluşlarynyň unifikasiýasy hakyndaky kanunyň taslamasyny makullady. Beýannama laýyklykda 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ähli ykjam telefonlar, planşetler, foto we wideo kameralar USB Type-C zarýad portlary bilen enjamlaşdyrylmaly. 2026-njy ýylyň ýazyndan başlap bu borçnama noutbuklara hem degişli ediler. Ulanyjylara her gezek elektron dewaýs satyn alanlarynda täze zarýad gurluşyny almak zerur bolmaz, sebäbi olar uniwersal zarýad berijiden peýdalanarlar. 


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...