Iýunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

  • 21.03.2025 12:23
  • 4.4k+

Şu ýylyň iýun aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär. Festiwalyň guramaçylyk meseleleri barada wise-premýer B.Seýidowa anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara festiwalyň esasy maksady dünýä halklaryny türkmen milli tans sungaty we gadymy folklory bilen tanyşdyrmakdan, olary wagyz etmekden, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň iýunynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 00:03
3.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......