Türkmen haryt öndürijileri maý aýynda Kazanda geçiriljek halkara sergä gatnaşar

  • 21.03.2025 11:44
  • 3.1k+

Türkmenistandan dürli pudaklaryň wekilleri, hususy haryt öndürijiler şu ýylyň maýynda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyň çäklerinde guraljak halkara sergä gatnaşarlar. Şunuň bilen baglanyşykly görülýän taýýarlyk işleri barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew hasabat berdi.

Bu sergide halkymyzyň milli medeni gymmatlyklary, ýurdumyzyň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri, eksport ugurly täze önümleri tanyşdyrylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany türkmen haryt öndürijileriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 23:05
747

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......