Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

  • 21.03.2025 11:04
  • 2.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlady.

"Ýaz paslynyň al-elwan güllerine beslenip gelen Nowruz baýramynda ýaňlanjak aýdym-sazlaryň, folklor çykyşlarynyň we milli gymmatlyklaryň sergileriniň Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, raýatlaryň kalbynda milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza söýgi döretmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn" diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belleýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň taryhy ähmiýetiniň has-da ýokarlanýandygyny belleýär. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar parahatçylygy, ynanyşmagy, jebisligi, ynsanperwerligi giňden wagyz etmäge, ýaş nesilleriň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge, watansöýüjilige, dost-doganlyga, zähmetsöýerlige, halallyga söýgi döretmäge ýardam berýär.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramynyň däp-dessurlary parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrmakda örän ähmiýetlidir.

"Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli ýol-ýörelgelerimizde Nowruzyň aýratyn orny bardyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň, ekerançylygyň, bagbançylygyň, daýhançylyk däpleriniň we el hünärleriniň ösen topragydyr. Ýaz paslynyň gelmegi bilen, babadaýhanlarymyz ýere tohum sepip, geljekki bol hasylyň düýbüni tutýarlar. Çopan-çoluklar uzak ýaýladaky sonarly sährada dowar sürülerini bakyp, bahar paslynyň ajaýyp günlerinde maldarçylyk bilen bagly işleri alyp barýarlar" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


şu gün 00:03
708

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......