29-njy martda Türkmenistanda çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşine bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

  • 21.03.2025 07:23
  • 4.5k+

2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahaty geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Daşary işler ministrligi, Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde halkara maslahatyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerini hem-de döwletimizde amala aşyrylýan ynsanperwer häsiýetli çäreleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da dabaralandyrmak, Türkmenistanyň bu şanly ýylyň dowamyndaky ynsanperwer ugurly hem-de eneligi we çagalygy goramak barada amala aşyrýan işlerini dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek, bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak barada alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen geçiriler.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......