Lipton degşip, şetdaly tagamly çaýyny çykarmagyny bes edýändigini aýtdy

  • 21.03.2025 17:59
  • 8.7k+

Lipton sosial ulgamlarda şetdaly tagamly sowuk çaýynyň önümçiligini bes edýändigi barada habar ýerleşdirdi.

Suratda perişde ganatly we “Rest in peach” (“Rest in peace”-iň ýoýlan görnüşi – “ýatan ýeriň ýagty bolsun”. Peach – iňlisçeden “şetdaly” diýmek) ýazgyly içgi bankasy bardy.

“Siz, belki, biziň meşhur şetdaly tagamly Lipton Ice Tea çaýymyzyň önümçilikden aýrylýandygyny eşidensiňiz. Biz munuň gynandyryjydygyny bilýäris, ýöne alada etmäň. Siziň beýleki halaýan tagamlaryňyz hiç ýere ýitmez. Kim bilýär? Belki, günlerde bir gün şetdaly tagamy gaýdyp geler” – diýlip, kompaniýanyň resmi Instagram akkauntynda ýazyldy.

Bu habar ulanyjylaryň arasynda dürli oňyn däl garaýyşlara getirdi.

“Bu Coca-Cola-nyň “kolany” çykarmagy bes edişi ýaly bolardy” – diýip, ulanyjylaryň biri belledi.
“Bu adamlaryň gowy görýän ýeke-täk tagamy. Siz näme üçin beýdýärsiňiz?????” – diýip, başga bir ulanyjy ýazdy.

Köpler muny degişme hökmünde kabul etdi. The Grocer neşiri hem munuň marketing göçümi bolup biljekdigini öňe sürdi. Ozal şeýle kampaniýany fewral aýynda Duolingo hyzmaty geçirip, ol baýguş Duonyň “ölendigini” habar beripdi. Birnäçe wagtdan soň baýguş “janlandy”. 
Bildirişe ynanyp, bu içgini söýüjileriň köpüsi ony geljek üçin satyn alyp goýar ýaly, marketlere ylgady. Ýöne 24 sagatdan az wagt geçensoň, adamlar wagtlaryny biderek sarp edendigine düşündi. Lipton munuň “birinji aprel” degişmesi bolandygyny aýtdy.

“Ups, heniz martmy? Seneleri çalşypdyryn... eýýäm birinji apreldir diýip pikir edipdirin! Men hiç haçan siziň söýgüli tagamyňyzy eliňizden almazdym” – diýip, täze beýanda ýazyldy.

Umuman, içgi öndürijisine Duolingo ýaly internet torunda şadyýan memleri döretmek başartmady. Brend “elhenç” we “dünýäde iň gülkünç däl” mahabat aksiýasy üçin tankyt edildi.

“Biz birneme degişmek we muşdaklarymyzyň Lipton Ice Tea Peach-y näderejede gowy görýändigini görmek isledik we seslenme biziň garaşanymyzdan ýokary boldy. Dogrusyny aýtsam, biz bu degişmäni birnäçe gün dowam edip bileris öýtdük, ýöne şeýle derejedäki seslenme bilen, biz ony bes edýäris we aýdyňlyk girizýäris: Lipton Ice Tea Peach hiç ýere ýitmez!” – diýip, PerthNow neşiri bilen söhbetdeşlikde Lipton-yň wekili aýtdy.

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......