Apple-yň ilkinji eplenýän enjamy barada täze maglumatlar peýda boldy

  • 20.03.2025 14:07
  • 4.9k+

Apple kompaniýasy 18,8 dýuýmlyk ekrany bolan ilkinji eplenýän enjamynyň üstünde işleýär. «GF Securities» hytaý kompaniýasynyň analitigi Jeff Punuň aýtmagyna görä, bu enjam macOS operasion ulgamy bilen işleýär, şonuň üçin ol planşete garanyňda, noutbuga has köp meňzeýär.

Onuň sözlerine görä, täze enjam iPad bilen MacBook-yň utgaşmasy bolar. Fiziki klawiaturasy bolmasa-da, ony dolulygyna kompýuter ýaly ulanyp bolar. Enjamyň önümçiligine 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda başlamak meýilleşdirilýär, 2027-nji ýylyň başynda bolsa satuwa çykmagyna garaşylýar.
Jeff Pu Apple kompaniýasynyň Foxconn zawodlarynda täze önümçilik prosesine (NPI) başlandygyny hem belläp geçdi. Şol ýerde iki sany eplenýän enjam synagdan geçirilýär, olaryň biri eplenýän iPhone ýa-da iPad bolup biler.
Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, bu enjamyň bir modeli 7,74 dýuýmlyk içki ekrana we 5,49 dýuýmlyk daşky ekrana eýe bolar. Ikinji model has uly bolup, 19 dýuýmlyk ekranly eplenýän iPad Pro bolup biler. Emma bu maglumatlar entek resmi taýdan tassyklanmady.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....