Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkara maslahat geçirildi

  • 20.03.2025 14:04
  • 8.9k+

19-njy martda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.

Foruma Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, talyplar gatnaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň açylyşynda esasy beýannama bilen çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Şoňa görä-de, esasy halkara institutlaryň we maliýe edaralarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de Türkmenistanyň adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini, energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini we bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýändigine ünsi çekdi. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler.

Gurbanguly Berdimuhamedow agzalan sebitlerde häzir durmuşa geçirilýän energetika, ulag hem-de üpjünçilik taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine ünsi çekip, olaryň täze energetika, ulag, senagat, tehnologik geçelgeleri döretmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirmäge gönükdirilendigini nygtady.
Soňra forum öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Olaryň birinjisi Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag, infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy hem geoykdysady ähmiýetine bagyşlandy.
Soňra forum öz işini “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri” hem-de “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky orny we ähmiýeti” atly mejlislerde dowam etdi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy durnukly energetika ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşantdyr. Bu transmilli gaz geçirijisi önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny amala aşyrmakda möhüm ädimdir.
Türkmenistan durnukly energiýa howpsuzlygy ugrunda çykyş edip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan anyk teklipleri öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyz sebitdäki goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. “Serhetabat” elektrik bekedinden Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky “Nur-el-Jahad” täze elektrik bekedine elektrik energiýasynyň iberilip başlanmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
“Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary” atly mejlisde köpşahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmeginiň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri, dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýandygyna üns çekildi.
“Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaklary” atly jemleýji mejlisdäki çykyşlarda abraýly halkara guramalar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy.


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......