Täzelenen Kia Sorento PHEV benzinsiz 100 km geçip biler

  • 20.03.2025 13:52
  • 3.9k+

Kia täze Sorento PHEV plug-in gibridiniň has uly hereket ätiýaçlygy bolan täze görnüşini işläp taýýarlaýar. Täze uly göwrümli batareýanyň hasabyna awtoulag ýeke elektrik hereketlendirijisiniň hasabyna 100 km çenli ýol geçip biler, bu bolsa häzirki modelden iki esse artykdyr.

Täze ulgam iki sany elektrik hereketlendirijisini we has netijeli batareýany öz içine alar. Ikinji nesil PHEV tehnologiýasy iri üpjün edijiler bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýar. Täzelenen Sorento Plug-In Hybrid modeliniň köpçülikleýin önümçiligine 2026-njy ýylda garaşylýar.
Kia bu tehnologiýany beýleki modellerde, şol sanda Sportage-de, hatda elektrik flagmany EV9-da hem ulanmagy meýilleşdirýär. Uly hereket ätiýaçlygynyň hasabyna benzin ulanmazdan has köp gatnap boljak, bu bolsa zyňyndylary we ýangyç çykdajylaryny azaltmaga kömek eder. Gibrid ulgam uzak aralyga syýahat etmek mümkinçiligini üpjün eder.


09.05.2026 12:43
3.4k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....