Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdy

  • 20.03.2025 12:50
  • 5.7k+

19-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Türk işewüri ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda ýerine ýetirýän işleriniň barşy barada habar berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýanyň işine ýokary baha berip, toplanan oňyn tejribäni nazara almak bilen, ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Erman Ylyjak ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilýän uly ynam üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Rönesans Holdingiň” Türkmenistandaky taslamalara gatnaşmagynyň özleri üçin uly hormatdygyny belledi.
Kompaniýa tarapyndan durmuşa geçirilen taslamalar ýurdumyzyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam etmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga saldamly goşant goşýar. “Rönesans Holdingiň” ýerine ýetirýän gurluşyk işleriniň ýokary hili, ulanýan öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri dünýä standartlaryna laýyk gelýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bilelikdäki işleriň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň uly önümçilik kuwwatyna eýe bolan kompaniýalar bilen, şol sanda “Rönesans Holding” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Işewür bildirilýän uly ynam üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.


düýn 22:17
1.6k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......