ABŞ kömürden elektrik energiýasyny öndürmekligi gaýtadan ýola goýar

  • 20.03.2025 07:31
  • 2.6k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hökümete «ajaýyp, arassa kömürden» elektrik energiýasyny öndürmekligi derrew ýola goýmagy tabşyrdy. Bu barada ol Truth Social sosial torundaky sahypasynda habar berdi.

Ak Tamyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, şu wagta çenli beýleki ýurtlar, şol sanda Hytaý we Russiýa, «kömür bilen işleýän elektrik stansiýalarynyň ýüzlerçesiniň açylmagy» netijesinde, uly ykdysady artykmaçlyga eýe boldy.
Habarda aýdylmagyna görä, ABŞ-nyň hökümeti köp ýyllaryň dowamynda ekologiýa babatda işjeňleriň agyr basgysynyň astynda galypdyr.
ABŞ dünýäde iň uly kömür gorlaryna eýe ýurtlaryň biridir. Umumy kömür ätiýaçlygy 3,6 trillion tonna deň bolup, şonuň 461 milliard tonnasy häzirki zaman tehnologiýalary bilen gazyp almak üçin elýeterli.
Şeýle-de bolsa, ABŞ-da kömür önümçiligi 2010-njy ýyldan bäri kem-kem azalyp gelýär, emma şol bir wagtyň özünde Russiýada we Hytaýda bolsa, tersine, kömrüň gazylyp alnyşy has-da güýçlendi. Şeýle-de bolsa, ABŞ kömür ätiýaçlygy boýunça öňdebaryjylygyny saklap galýar (dünýäniň umumy kömür ätiýaçlygynyň 25%-den gowragy).
Mundan ozal, öňki prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy «Arassa elektrik energiýasy» atly maksatnamany durmuşa geçirmekçi bolupdy. Bu maksatnama ilata berilýän «arassa» energiýanyň mukdaryny her ýyl azyndan 4% ýokarlandyrýan kärhanalara jemi 150 milliard dollar subsidiýa bermegi göz öňünde tutýardy. Şonuň bilen birlikde, bu talaba laýyk gelmedik kompaniýalar jerime tölemäge mejbur bolýardy. Bu düzgünler 2030-njy ýyla çenli, ABŞ-nyň elektrik ulgamyndan kömri düýbünden aýyrmak maksady bilen kabul edilipdi.
Ýatlatsak, mundan öň ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek ýel we Gün ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri arkaly, kömre garanyňda has köp elektrik energiýasynyň öndürilendigini habar beripdik.


şu gün 18:16
328

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

03.05.2026 23:48
6.2k+

Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler

Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....

02.05.2026 10:56
7.8k+

ABŞ-nyň ýaryndan gowragy asyryň iň uly gurakçylygyny başdan geçirýär

ABŞ-nyň ýaryndan köpüsini gurakçylyk gurşap aldy. Bu soňky 25 ýylyň iň uly gahatçylyklarynyň biridir....

30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......