Taryhy pursat: ýaşyl energiýa ilkinji gezek ABŞ-da kömürden öňe geçdi

  • 17.03.2025 12:04
  • 3.5k+

ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek ýel we Gün ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri kömürden köp elektrik energiýasy öndürdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

«Ember» analitika merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda kömür energiýasynyň paýy rekord derejede 15%-e düşdi, ýöne şol bir wagtda ýel we Gün energiýasynyň paýy 17%-e ýetdi.
Gün energiýasy ABŞ-da iň çalt ösýän elektrik çeşmesine öwrülip, täze gurlan energiýa kuwwatlyklarynyň 81%-ini üpjün etdi. 2024-nji ýylda onuň kuwwaty rekord derejede – 31 GWt artdy.
Şeýle-de ABŞ-da Gün panellerini öndürýän kärhanalaryň kuwwaty hem 190% ýokarlandy. Bu ugurda öňdeligi eýelän ştat bolsa, nebit-gaz senagaty bilen tanalýan Tehas boldy.
Ýel energiýasy has pesräk ösüş gazananam bolsa, ol henizem ýurduň elektrik energiýasynyň, takmynan, 10%-ini üpjün edýär.
Şeýlelikde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek kömürden köp energiýa öndürmäge mümkinçilik berdi. Ösüşiň nähili depginde öňe barýandygyny deňeşdirmek islesek, 2018-nji ýylda kömürden alnan energiýanyň, bu iki çeşmäniň şol wagt öndüren umumy energiýasyndan üç esse köp bolandygyny belläp geçmek ýeterlik bolar.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......