Dünýä ummanlarynyň derejesi NASA-nyň çaklamalaryndan has çalt beýgelýär

  • 19.03.2025 11:25
  • 5.6k+

NASA howsalaly ýagdaý barada habar berdi – dünýä ummanlarynyň derejesi çaklanylandan has çalt beýgelýär. 2024-nji ýylda suwuň derejesi 0,59 sm ýokary galypdyr, emma çaklamada 0,43 sm diýlip garaşylýardy.

Bu ýagdaý kenarýaka sebitlerini uly howp astyna salýar – tupanlaryň köpelmegi, binalaryň we ýollaryň zaýalanmagy, eroziýa we tebigy ekoulgamlaryň ýitip gitmek howpuny döredýär.
Ummanlaryň derejesiniň beýgelmeginiň esasy sebäpleri – suwlaryň gyzmagy we buzlaryň eremegidir. Parnik gazlarynyň täsiri bilen emele gelýän ýylylygyň 90%-den gowragy ummanlar tarapyndan siňdirilýär, bu bolsa suwuň giňelmegine sebäp bolýar. Şeýle-de Antarktida her ýyl 150 milliard tonna, Grenlandiýa bolsa 270 milliard tonna buz ýitirýär. NASA-nyň berýän maglumatlaryna görä, bu mukdar, takmynan, 26 müň Eýfel diňiniň agramyna deňdir.
Eger-de dünýädäki ähli buzlar erese, ummanyň derejesi 59 metr ýokarlanar. Bu bolsa kenarýaka sebitlerde ýerleşýän şäherlere uly betbagtçylyklary getirip biler.
Ummanlaryň derejesiniň beýgelmegi 1993-nji ýyldan bäri barha tizlenýär. 2024-nji ýyldaky beýgelmäniň öňki çaklamalardan hem has ýokary bolmagy geň zat däl, sebäbi şol ýyl adamzat taryhynda hasaba alnan iň yssy ýyl bolupdy.
«Climate Center» atly täjirçilik däl guramanyň çaklamasyna görä, 2050-nji ýyla çenli ABŞ-da 4 million akr (takmynan, 16,2 müň inedördül kilometr) meýdan suwuň aşagynda galar.


20.06.2026 14:57
7.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....