Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi

  • 19.03.2025 07:20
  • 3.1k+

18-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti nygtaldy. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, bütindünýä ykdysady işinde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmakda halkara sergileriň möhüm ähmiýetini bellediler.
“Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, Halkara sergiler býurosy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu düzümiň agzasy bolmak bilen, dürli ýurtlarda geçirilýän bütindünýä we ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Halkara sergiler býurosy bu çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýär. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň hem bu giň möçberli çärä işjeň gatnaşjakdygyny aýdyp, Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdi.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......