Microsoft oýun muşdaklary üçin Copilot emeli aňyny bildiriş etdi. Ol tälimçi we kömekçi hökmünde işlär

  • 19.03.2025 05:35
  • 857

Microsoft oýunçylara kynçylyklary ýeňip geçmekde hem-de oýnuň sazlamalarynda, şeýle hem gözleglerde wagt tygşytlamaga kömek etmek arkaly oýun prosesini ýönekeýleşdirjek şahsylaşdyrylan EA kömekçisi bolan Copilot for Gaming-i hödürledi.

Işläp taýýarlama geljek aý Xbox Insiderler üçin synag režiminde peýda bolar diýip, Xbox-yň oýun EA-sy boýunça wise-prezidenti Fatima Kardar kompaniýanyň resmi podkastynda aýtdy.
Copilot for Gaming üç ýörelgä esaslanýar: mümkinçilik, uýgunlaşma we şahsylaşdyrma. Ol oýunçylara oýunlary has çalt tapmaga, göçürip almaga we täzelemäge, taýýarlyk işlerine az wagt sarp etmäge, şeýle hem oýundaky kyn pursatlary ýeňip geçmäge kömek eder.
Funksiýalarynyň biri oýunda içerki kömek bolar. Copilot strategiýalary teklip edip biler, köp oýunçyly oýunlarda iň gowy gahrymanlary maslahat berer we açyk dünýäde çeşme tapmaga kömek eder.
Işläp düzüjiler oýunçylaryň Copilot bilen özara gatnaşyga doly gözegçilik edýändiklerini bellediler: kömekçi islendik wagt elýeterlidir, ýöne oýna päsgel bermeýär. Ilkibaşda ol Xbox Insiders üçin çykar, biraz soň beýleki platformalarda hem peýda bolar.


25.06.2026 10:21
4.7k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......