Alymlar mundan 158 million ýyl ozal ýaşap geçen süýdemdirijileriň reňklerini anykladylar

  • 18.03.2025 11:43
  • 7.2k+

Hytaýly, belgiýaly, niderlandly, britaniýaly we amerikaly alymlar möhüm açyş etdiler. Olar mundan 158 million ýyl ozal ýaşap geçen süýdemdirijileriň ýüňleriniň nähili reňkde bolandygyny ýüze çykardylar.

Irki süýdemdirijiler esasan goýumtyl (garamtyl) reňkde bolupdyr. Şeýle-de olar gijeki durmuşa uýgunlaşypdyrlar. Bu barada geçirilen barlaglaryň netijeleri «Science» žurnalynda çap edildi.
Häzirki döwürde ýaşaýan süýdemdirijileriň ýüňleriniň reňki dürli faktorlara bagly bolup durýar. Olar ýaşaýan ýerleriniň tebigatyna, daşky gurşawa, edýän hereketlerine we bedenleriniň fiziki aýratynlyklaryna görä dürli reňkde bolup bilýärler. Şeýle-de bolsa, dinozawrlaryň döwründe ýaşap geçen gadymy süýdemdirijileriň reňkleri barada öň kän bir maglumat ýokdy. Bu kemçiligiň üstüni ýetirmek üçin, alymlar ýörite barlaglary geçirdiler. Munuň üçin olar «melanosoma» diýlip atlandyrylýan organelleri (organoidleri) öwrendiler. Melanosomalar – öýjükleriň melanini we ýagtylygy siňdirýän beýleki pigmentleri öz içine alýan düzüm bölekleridir.
Hytaýyň Geologiýa ylymlary uniwersitetinden doktor Ruoşuan Li we onuň ylmy topary häzirki döwürde ýaşaýan 116 süýdemdirijiniň melanosomalaryny seljerdiler. Olar şeýle hem gadymy döwürde ýaşap geçen alty dürli görnüşdäki süýdemdirijiniň reňkini dikeltmek üçin, modelleri işläp taýýarladylar. Olaryň arasynda 158 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen eugaramiýa (Euharamiyida) hem bardy. Onuň häzirki awusiýdikleriň (belkalaryň) ata-babasy bolandygy çaklanylýar.
Barlaglaryň netijelerine görä, gadymy süýdemdirijileriň ýüňleriniň esasan goýumtyl we tutuş şol bir reňkde bolandygy ýüze çykaryldy. Ýagny, olaryň derisinde nagyşlar ýa-da zolaklar bolmandyr. Bu reňkler olara gijeki durmuşa we daşky gurşawa aňsat uýgunlaşmaga kömek edipdir. Alymlar bu jandarlary häzirki gijeçil haýwanlara meňzedýärler. Olar daşky görnüşi boýunça körsyçanlara, syçanlara, alakalara we ýarganatlara meňzeş bolupdyrlar.
Bu açyş irki süýdemdirijileriň esasan gijeçil bolandyklary baradaky öňki çaklamalary hem tassyklaýar. Garamtyl reňk olara daşky gurşawa uýgunlaşmaga we duşmanlardan gizlenmäge kömek eden bolmaly.
Dinozawrlaryň mundan 66 million ýyl ozal ýitip gitmegi süýdemdirijileriň durmuşyna uly täsir edipdir. Sebäbi dinozawrlardan boşan ekologiki gurşaw süýdemdirijilere gündiz hem hereket etmäge mümkinçilik beripdir. Şol sebäpden olaryň bedenleriniň reňki wagtyň geçmegi bilen has dürli-dürli bolupdyr.

«Belki-de dinozawrlaryň [agalygy] süýdemdirijileriň işjeňligini çäklendirip, olary gijeki jandar bolmaga mejbur edendir. Olaryň ýitip gitmegi haýwanjyklara täze ekologiki giňişlikleri eýelemäge mümkinçilik beren bolmaly» — diýip, Gent uniwersitetinden doktor Mettýu Şoki düşündirdi.

Şeýle hem alymlar gadymy süýdemdirijileriň ýüňlerindäki ýokary melanin derejesiniň termoregulýasiýa (bedeniň temperaturasyny gorap saklamaga) kömek edip, olary goşmaça gorag bilen üpjün edendigine ynanýarlar.

Mezozoý döwründe ýaşap geçen gadymy awusiýdigiň çeper şekili. © Chuang Zhao, Ruoshuang Li


Häzirki döwürde ýaşaýan süýdemdirijileriň melanosomalarynyň şekilleri olaryň reňkleri bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň saýasynda alymlar gadymy süýdemdirijileriň reňklerini kesgitlemegi başardylar. © Liliana D’Alba


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....