RAV4, Corolla we F-Series: 2025-nji ýylyň başynda iň köp satylan ulaglar belli boldy

  • 18.03.2025 07:42
  • 2.7k+

Focus2move analitiki agentligi 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda global awtomobil satuwynyň netijelerini jemledi. Iň köp satylan ulag 73 907 birlik bilen Toyota RAV4 krossoweri boldy. Görkeziji bir ýyl ozalkydan 11,4% az bolsa-da, birinji orun üçin ýeterlik boldy.

Ikinji orny bir orun ýokary galan Toyota Corolla eýeledi. Onuň satuwy hem 26,4% - 70 822 ulaga çenli pese gaçdy.
Üçlügi 42,5% ösüş görkezen Ford F-Series pikapy jemledi. Bu awtoulagdan 69 805 birlik satyldy we ol birbada dört orun ýokary galdy.
Tesla Model Y elektrik krossoweri ilkinji üçlükden çykyp, dördünji orunda ýerleşdi. Onuň satuwy 19,6% - 64 400 nusga çenli azaldy. Ilkinji bäşlige 53 492 satylan ulag bilen Honda CR-V hem girdi.
Altynjy we ýedinji orunlary Volkswagen Tiguan we Chevrolet Silverado eýeledi. Tiguan 10,6% ösüş görkezdi (46 093 ulag), Silverado bolsa 8,8% pese gaçdy (44 686 ulag). Sekizinji orunda 44 623 satylan krossower bilen Hyundai Tucson ýerleşdi, bu geçen ýylky görkezijiden 9,8% azdyr.
Dokuzynjy orny 43 455 ulag netijesi bilen Toyota Camry (-8,1%) eýeledi. Onlugy Kia Sportage jemledi, onuň satuwy 7,7% azalyp, 39 333 birlik boldy. 


şu gün 01:38
1k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
8k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.3k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......