Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänleriň resminamalary kabul edilip başlandy

  • 17.03.2025 10:56
  • 9.1k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär. 

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2025-nji ýylyň 17 — 27-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär diýip, "Türkmenistan" gazetinde çap edilen bildirişde aýdylýar.
Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Bakalawr maksatnamasyna resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler üçin SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da okuw merkezleri tarapyndan berlen iňlis dili boýunça «Advanced» we ondan ýokary derejedäki şahadatnamasynyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi) gerek. Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar.
Magistr maksatnamasyna resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler üçin GMAT (Graduate Management Admission Test), GRE (Graduate Record Exam) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da okuw merkezleri tarapyndan berlen iňlis dili boýunça «Advanced» we ondan ýokary derejedäki şahadatnamasynyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi) gerek. Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar.
Resminamalaryň terjimeleri iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilleriniň birinde berilmelidir.
Resminamalary kabul ediş topary, zerur bolan halatynda, dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Resminamalaryny tabşyran dalaşgärler bilen 2025-nji ýylyň 1-2-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheriniň 1958-nji (Andalyp) köçesiniň 169-njy jaýy.
Telefon belgileri: (+99312) 39-85-62, 39-85-25.
Elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com


düýn 23:39
684

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......